Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Birinji mejlisi öz işine başlady

23:4514.03.2019
0
3712

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Birinji mejlisi öz işine başlady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleriniň mejlisiniň ilkinji güni Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny düýpli ara alyp maslahatlaşmaga hem-de teklipleri girizmäge bagyşlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen bäşinji Hazar sammitinde çykyş edip: «Häzir Hazarda ähli ykdysady işler ylym bilen berk baglanyşykly bolmalydyr, bolup geçýän tebigy we antropogen ýagdaýlar umumylykda kabul edilmelidir, gözegçilik etmek we çaklamak ulgamyna daýanmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek hakynda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar» diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyjyna laýyklykda türkmen hünärmenleri Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny taýýarladylar hem-de ony Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystanyň bilermenler guramalaryna iberdiler.

Ertir ýokarda agzalan Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň iki günlük mejlisi öz işini tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň