Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgenler Bütindünýä ýörite Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýarlar

19:3013.03.2019
0
4396

14 - 21-nji mart aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabi şäherinde Bütindünýä ýörite Tomusky olimpiýa oýunlary geçirilýär. Oýunlaryň resmi saýtynyň (World Summer Special Olympics-2019) habar bermegine görä, bu ýaryşa sportuň türkmenistanly türgenleriň 15-si gatnaşar. Olar sportuň 6 görnüşi boýunça ýaryşar. Has takygy, ildeşlerimiz Bütindünýä oýunlarynda tennis, gimnastika, badminton, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşar. 

Sportuň 24 görnüşi boýunça geçirilýän Oýunlara 190 döwletden 7 müňden gowrak türgen gatnaşýar. Oýunlaryň düzgünnamasyna görä, ýaryşlara 15 ýaşdan uly türgenler gatnaşyp bilýär. Ýörite Olimpiýa oýunlary mümkinçiligi çäkli adamlaryň sporta bolan ukybyny ösdürmek maksady bilen geçirilýär. Onda iň güýçlini ýüze çykarmak ýa-da dünýä rekordlaryny täzelemek ýaly wezipeler ýokdur.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň