Soňky habarlar

Arhiw

Nemes alymlary Margiananyň gymmatlyklaryny ýokary tehnologiýalar arkaly öwrenmegi teklip edýärler

18:4513.03.2019
0
928

12-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar» mowzugy boýunça duşuşyk geçirildi. Ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynda geçirilýän «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly arheologik sergä bagyşlandy.

Duşuşyga ýurdumyza sapar bilen gelen Berliniň döwlet muzeýler birleşigine girýän Taryh döwrüne çenli we irki taryh muzeýiniň, Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeýler toplumynyň, Gamburgyň Arheologiýa muzeýiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, GFR-iň uniwersitetleriniň ylmy işgärleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli bu sergi Berliniň Täze muzeýinde, Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde guraldy, 9-njy martda bolsa Mangeým şäherindäki Raýs — Engelhorn muzeýinde açyldy. Serginiň ekspozisiýasyna ýurdumyzyň üç muzeýiniň — Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň 220-ä golaý gymmatlygy girdi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Germaniýanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly sergide görkezilýän zatlaryň çeperçilik taýdan uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Daşary ýurtly alymlar olary öwrenmek bilen gadymy sungat eserleriniň many-mazmuny babatda dürli çaklamalary öňe sürýärler, ýöne diňe türkmen hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda bu iş ýokary hilli ýerine ýetirilip bilner. Şunuň bilen baglylykda, maglumat alyşmalaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmy işgärleriň wekiliýetleriniň özara saparlary barada pikir alşyldy.

Margiana beýik siwilizasiýanyň merkezidir, bu ýerde dörän medeniýetiň Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň medeniýetleriniň ösmegine uly täsir edendigini ynamly aýtmak bolar. Nemes hünärmenleri tarapyndan häzirki wagtda GFR-iň we Fransiýanyň muzeýlerinde hünärmenler tarapyndan ulanylýan ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kömegi arkaly Margianada tapylan gadymy gymmatlyklary öwrenmek baradaky teklip öňe sürüldi.

Şol ýurtlaryň barlaghanalarynda dürli serişdeleri içgin öwrenip, gadymy gymmatlyklaryň ýaşyny takyk anyklamaga mümkinçilik bar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlygyň işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirip, şeýle işleriň Margiana baradaky täze ylmy-barlaglaryň we neşirleriň peýda bolmagyny çaltlandyrjakdygyny bellediler. Munuň özi köp babatda dünýä möçberinde taryh ylmyna oňyn täsir eder.

GFR-iň wekiliýetiniň Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň muzeýleriniň ýolbaşçylary bilen hem iş maslahaty geçirildi. Onda iki ýurduň hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, myhmanlar ýurdumyzyň ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň muzeý işi hünäri boýunça okaýan talyplary hem-de mugallymlary, muzeý işgärleri üçin Türkmen döwlet medeniýet institutynda okuw maslahatyny geçirerler.

Medeni maksatnamada wekiliýetiň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, «Köneürgenç» taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän ýadygärliklere, Seýit Jemaletdin taryhy ýadygärligine hem-de «Gadymy Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp görmegi göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň