Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasyndaky taslama bäsleşigi tamamlandy

16:4813.03.2019
0
10281

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Aşgabatda geçirildi.

Bäsleşige hödürlenen 130-dan gowrak taslama işleriniň netijesinde her ugur boýunça öňdäki orunlary eýelän işler kesgitlenildi. Ugurlar takyk, tebigy we ynsanperwer ugurlaryna bölünýär. Täzeçillik we döwrebaplyk hödürlenen işleriň aglabasyna mahsus boldy. Şeýle hem işleriň käbirine ygtyýarnama bermek meselesine-de seredildi.

Bäsleşigiň ahyrynda onuň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň