Soňky habarlar

Arhiw

Astanada türkmen-gazak hökümetara toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

13:0913.03.2019
0
4045

11-nji martda Astana şäherinde Ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.  Mejlisiň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň giň topary, şeýle hem Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlaryny gurşap alýan meseleler girizildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2017-nji ýylyň 3-nji maýynda geçirilen toparyň 9-njy mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar Toparyň işi söwda-ydysady, energetika we ulag ugurlarynda, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýiş senagatlarynda ähli göwrümleýin hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmäge güýçli itergi berjekdigne ynamyny beýan etdiler. Hususan hem, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, eksport we üstaşyr işlerini köpeltmek we üpjün edilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň sanawyny we göwrümini artdyrmak boýunça ylalaşylan çäreleriň görülmeginiň zerurlygy bellenildi.

Taraplar medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynda hem-de ylym, medeniýet we bilim ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meýillerini beýan etdiler.

Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň