Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: "Altyn asyr" uly hasapdaky ýeňiş bilen başlady

22:3212.03.2019
0
4702

Nobatdaky gezek geçirilýän ýurdumyzyň futbol çempionatyna badalga berildi. Paýtagtymyzda “Nebitçini” kabul eden geçen ýylyň çempiony “Altyn Asyr” 5:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu duşuşykda paýtagtymyzyň toparynyň hüjümçileri Altymyrat Annadurdyýew bilen Murat Ýakşiýew hersi iki top geçirmegi başardylar. Bu duşuşygy ýokary derejede geçiren Myrat Annaýew bolsa bir topy öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň dowamynda A.Annadurdyýewyň 11 metrlik urgyny geçirip bilmändigini bellemek gerek.

Türkmenbaşyda “Merwi” kabul eden “Şagadam” Baýramgeldi Nurlyýewiň netijeli urgusyndan soň 1:0 hasabyndaky ýeňşini baýram etdi. Maryda “Energetik” bilen duşuşan paýtagtymyzyň “Köpetdagy” jogapsyz toplaryň üçüsini geçirmegiň hötdesinden geldi.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 16-17-nji martda geçiriler.

1-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

 “Altyn Asyr” – “Nebitçi” – 5:2

Gollar: 9’, 19’ Altymyrat Annadurdyýew, 22’, 47’ Murat Ýakşiýew, 44’ Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”) – 33’ Aşyrgeldi Ylýasow (11 m.j.u.), 86’ Akmämmet Metdäýew (“Nebitçi”)

Bellik: Duşuşygyň 31-nji minutynda Altymyrat Annadurdyýew 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi)

 

 “Energetik” – “Köpetdag” – 0:3

Gollar: 9’ Baýramgeldi Gulmaýew, 59’, 83’ Nurýagdy Muhammedow (“Köpetdag”)

 

 “Şagadam” – “Merw” – 1:0

Gol: 79’ Baýramgeldi Nurlyýew (“Şagadam”)

 

 “Ahal” – “Aşgabat” (geçirilen)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň