AFK-nyň Kubogynyň pleý-off tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda täjikleriň “Hojand” topary bilen duşuşýan Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahalyň” oýnunda Taýlandly eminler topary eminlik eder.
Bu duşuşygyň baş emini 31 ýaşly FIFA-nyň emini Siwokorn Pu-Udom bolar. Gapdal eminleriň wezipesini onuň ildeşleri Nakarit Rawut bilen Tanate Çuçuýen ýerine ýetirerler. Ätiýaçdaky emin hökmünde Peçsri Mongkolçaý çykyş eder. Duşuşygyň gözegçi emini Iordaniýaly Awni Abdel Karim Said Hassauneh, komissary Hindistanly Rawişankar Jaýaraman bolar.
Ýeri gelende aýtsak, “Ahal” bilen “Hujandyň” arasyndaky duşuşyk 13-nji martda “Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 14:00-da başlanar.
Aşgabatda geçen birinji duşuşygyň 1:1 hasabynda tamamlanandygyny ýatladýarys. Bu duşuşygyň ýeňijisi AFK-nyň Kubogynyň Merkezi Zolagynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alar.
AFK-nyň Kubogy-2019
Pleý-off. Jogap duşuşygy
13-nji mart (çarşenbe)
Başlanýan wagty –14:00
«Hujand» (Täjigistan) – «AHAL» (TÜRKMENISTAN)
Duşuşygyň emini: Siwakorn Pu-Udom (Taýland).
Gapdal eminler: Naklarit Rawut, Tanate Çuçuýen (ikisi-de – Taýland).
Ätiýaçdaky emin: Peçsri Mongkolçaý (Taýland).
Gözegçi emin: Awni Abdel Karim Said Hassouneh (Iordaniýa).
Duşuşygyň komisary: Rawişankar Jaýaraman (Hindistan).
Hujand, «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadiony