Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat - Stambul howa gatnawlary Stambulyň täze Halkara howa menzilinden amala aşyrylar

15:5212.03.2019
0
30036

Şu ýylyň 6-njy aprelinden başlap, türkmen we türk howa ýollarynyň Aşgabat - Stambul aralygyndaky ähli gatnawlary Stambul şäherinde täze gurlan Halkara howa menzilinden amala aşyrylar. Türk howa ýollarynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Stambuldaky Atatürk howa menzili içki we daşky gatnawlaryň ählisi üçin ýapylar. Şondan soň ähli uçuşlar geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda açylan täze howa menzilinden amala aşyrylar.

Täze howa menzili Atatürk howa menzilinden hem üç esse uludyr. Ol 76 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Her ýyl 150 milliondan 200 milliona çenli ýolagça hyzmat etjek täze howa menzili Stambul şäherinden 40 kilometr uzaklykda ýerleşýär. 2020-nji ýylda çenli täze howa menziline metro hem çekiler. Şeýlelikde, oňa şäherden ýarym sagatda baryp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň