Soňky habarlar

Arhiw

TSTB-de maslahat geçirildi

14:4512.03.2019
0
4659

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi: onda ýylyň iki aýynda amala aşyrylan işleriň netijelerine seredildi. Bu barada birleşmäniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda aýdylyşy ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýanwar - mart aýynda ýerine ýetirilen işler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gurluşykda 15,8, oba hojalygy bilen azyk üpjünçiliginde bolsa 3,9 göterim artdy.

Maslahatda döwlet desgalarynyň hususylaşdyrylmagy, hususy pudakda işleriň kämilleşdirilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, bu işe kömek bermek bilen bagly meselelere hem seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň