Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysy Habib Nurmagomedow bilen duşuşdy

12:0812.03.2019
0
20406

Dagystan Respublikasynda (Russiýa) geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysynyň agzalary ýeňil agramda UFC ýaryşlarynda göreşiji, dünýä belli pälwan Habib Nurmagomedow bilen duşuşdylar. Ol türkmen türgenlerine öňde duran halkara ýaryşlarda üstünlik arzuw etdi.

Şu wagta çenli başa-baş göreşleriniň birinde-de ýeňilmedik türgen geçen ýylyň 7-nji oktýabrynda esasy duşuşyklarynyň birini geçiripdi. ABŞ-ly Konor Makgregor bilen geçirilen tutluşyk jedelli ýagdaýda tamamlandy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Habib Nurmagomedow Türkmenistana hem gelip görmegi meýilleşdirýär. Ol interwýularynyň birinde kakasynyň Türkmenistanda gulluk edendigini we ondan Türkmenistan barada köp zatlary eşidendigini aýdypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň