Röwşen Meredow: "Ahalda" AFK-nyň kubogynyň toparçalaryna goşulmaga mümkinçilik bar"

23:5811.03.2019
0
4185

AFK-nyň kubogy - 2019 halkara ýaryşynyň pleý-off tapgyrynda Täjigistanyň "Hujandy" bilen Aşgabatda 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşykdan soňra ýurdumyzyň wise-çempiony "Ahalyň" baş tälimçisi Röwşen Meredow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

- Gynansak-da, sähelçe salymlyk ýalňyşlyk bilen öz ýerimizde geçirilen ilkinji duşuşykda derwezämizde gol gördük. Umuman, duşuşygyň bütin dowamynda şowlulyk biziň tarapymyza az geçdi - diýip, ol tapawutlanmaga dörän pursatlardan toparyň dürs peýdalanyp bilmändigine ünsi çekdi. - Hemişe bolşy ýaly, oglanlarymyz bu duşuşykda hem yhlas etdiler. Biziň maksadymyz toparçalaýyn tapgyra çykmak. Elbetde, 1:1-lik deňlikden soň, bu ýeňil düşmez. Üstesine-de, geçen ýyl Hujandyň stadionyna 25 müň tomaşaçy ýygnanypdy. Şu ýyl ýene şeýle bolar diýip çaklaýaryn. Olaryň garşydaşlarymyzy gyzgyn goldamagy bilen, ýeňiş gazanmak, maksadymyza ýetmek bize ýeňil düşmez. Tälimçiler hem, oýunçylar hem Aşgabatda kesgitli çözülmedik hasaby öz haýryna çözmek üçin göreşerler. Her niçik hem bolsa, özümize ynanýarys. Ýurdumyz, janköýerlerimiz üçin iň soňuna çenli göreşeris.

- Ikinji ýarymda eminiň 11 metrlik jerime urgusyny bermezligi bilen ylalaşýarsyňyzmy?

- Eminleriň işini teswirlemekden saklanýaryn. Düzgün pozuldymy ýa pozulmadymy, men eminleriň gelen netijesine hormat goýýaryn. Hiç hili şikaýatym ýok.

- Siziň pikiriňize görä, bu ýylky "Hujand" geçen ýyldakydan güýçlümi?

- Bu ýylky "Hujand" geçen ýylky däl. Düzümde 70 göterim üýtgeşme boldy. Täze tälimçi, täze ýolbaşçy, täze bir oýun pelsepesi... Duşuşygyň kyn boljakdygyny öňünden hem bilýärdik. Şeýle-de bolsa "Ahalyň" güýjüne ynanýaryn. Toparymyz toparçalara goşulyp biler.

- Ikinji duşuşyga nähili taýýarlyk görmek barada bir pikiriňiz barmy?

- Käbir pikirlerimiz bar. Wiodegörnüşlere gaýtadan tomaşa edip, garşydaşyň we özümiziň gowşak taraplarymyza türgenleşeris. Öz ýerimizde tamamlanman galan maksadymyzy myhmançylykda tamamlamak üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň