Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna gynanç bildirdi

23:5511.03.2019
0
5485
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly işgärleriniň gurban bolandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz öz hatynda bu pajygaly habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belläp, şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň