Soňky habarlar

Arhiw

Himiýa institutynda ýerli çig maldan bitum mastikasyny almagyň usulyny işläp taýýarlanyldy

15:1109.03.2019
0
1497

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri gurulýan binalaryň we desgalaryň örtgüsiniň gidroizolýasiýasy üçin bitum emulsion mastikasyny almagyň usulyny işläp taýýarladylar. Bu gurluşyk serişdesi olaryň ýokarsyny has çalt we ýokary hilli germetizasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýär hem-de gymmat bahaly ruberoide hem izogama alternatiwa bolup hyzmat eder.

Gidroizolýasiýa serişdesiniň düzümi Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çykarylýan ýol bitumyndan, ýag kombinatlarynyň galyndylaryndan alynýan gossipol şepbiginden, şeýle hem ýanan hekden, çägeden we toýundan ybaratdyr. Bitum emulsion mastikasyny taýýarlamagyň tehnologiýasy şepbigi, bitumy, şihtaly suwy çäge ýada işlenilen katalizator bilen garyşdyryp, belli bir gyzgynlykda garylmagyny göz öňünde tutýar.

Şu ýylyň başyndan bäri himiýaçy alymlar eýýäm oýlap tapyşlaryň we täzeçillik teklipleriň altysyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet minstrliginiň Intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugyn tarapyndan berilýän patentleri aldylar.

Çeşme: "Altyn asyr: Türkmenistan" elektron gazeti

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň