Halkara zenanlar güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynda konsert geçirildi

23:5808.03.2019
0
5545

8-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli guralan konsertde zenanlar tüýs ýürekden gutlaglary hem-de özlerine bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlardan lezzet aldylar, onda ýurdumyzyň belli aýdymçylary we döredijilik toparlary konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň we paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň edebi-sazly çykyşlary baýramçylyk konsertiniň ajaýyp başlangyjy boldy.

Çykyşda milli Liderimiziň belleýän türkmen zenanlarynyň hem-de olaryň häsiýetleri beýan edildi. Konsertde eneleriň, ähli watandaş zenanlarymyzyň gözelligi, kalbynyň päkligi hem-de wepalylygy, çäksiz mähri öz beýanyny tapdy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimguly Berdimuhamedow atasynyň sözlerine «Arzuwym» atly ajaýyp aýdymy döretdi. Bagtyýar zenanlaryň şanyna guralýan şu günki dabarada şol ajaýyp aýdym teleekranyň üsti bilen ýetirildi. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy ýörelgelere laýyklykda, ýurdumyzda hormat eýesi hasaplanylýan gelin-gyzlaryň, mähriban eneleriň hormatyna guralýan baýramçylygy toý sowgady hökmünde ýaňlandy.

Konsert «Bagtyýar zenanlar, bagtly eneler!» diýen aýdym bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň