Soňky habarlar

Arhiw

Harby türgen Sankt-Peterburgda geçirilen halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

01:1407.03.2019
0
5817

Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde jiu-jitsu sporty boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Bu halkara ýaryşyna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Jonibek Atajanow hem gatnaşyp, jiu-jitsu sportunyň «No Gi» görnüşi boýunça 3-nji ýere mynasyp boldy. Harby türgenimiz ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem öz erjelligi bilen sportsöýüjileriň ýadynda galypdy.

Onuň Sankt-Peterburgdaky halkara ýaryşda gazanan ýeňşi barada "Milli Goşun" saýty habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň