Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýylyň iki aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisini geçirdi

01:0807.03.2019
0
5186

6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň iki aýynda geçiren işleriniň netijeleri girizildi, şeýle hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler bellenildi.

Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew  ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasy babatda kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen görlen anyk çäreler;

içeri işler ministri I.Mulikow garamagyndaky düzümleriň degişli döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri;

goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşunymyzyň harby birikmelerinde iki aýyň dowamynda amala aşyrylan işleriň netijeleri we ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny has-da berkitmäge, harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin degişli şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler;

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew degişli döwürde milli kazyýet ulgamyny özgertmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi;

Baş prokuror B.Atdaýew ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler;

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini goramak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak babatda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri;

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gümrük edaralaryny döwletimiziň serhetlerinden geçýän ýüklere berk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

adalat ministri B.Muhammedow milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrylan çäreler;

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow ýurdumyza daşary ýurtly myhmanlaryň gelip gitmegini tertipleşdirmek maksadynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň geçen iki aýyň dowamynda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň