Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

00:5907.03.2019
0
1141
"Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi" žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

 

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini hem-de Lebap welaýatynda birbada birnäçe şäherçeleri gurmak hakynda Kararlara gol çekdi. Munuň özi, dogrudan-da, ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek üçin taryhy pursatdyr. Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan neşir edilýän žurnalyň makalalarynyň birinde ykbal kesgitleýji çözgüdiň kabul edilmegine nähili işleriň itergi berendigi barada gürrüň berilýär.

Makalada döwlet Baştutanymyzyň Gökdepe etrabynda bolup, ol ýerde Ahalyň dolandyryş merkezini döretmek boýunça deslapky taslamalar hem-de ony gurmagyň görnüşleri bilen tanşandygy barada aýdylýar. Hödürlenen taslamalar boýunça hormatly Prezidentimiziň tekliplerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, taslamalar ekologiýa talaplaryna, ähli binalaryň seýsmiki taýdan durnukly bolmagyna degişli ölçeglere we oňaýlylygyň häzirki zaman ýagdaýlaryna kybap gelmelidir.

«Milli binagärligiň geljegi: ussatlyga tarap» diýen makalada hünärli işgärleri, ýokary hünär derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de türkmen şähergurluşygyň geljegi baradaky meseleler açylyp görkezilýär.

Häzir Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärleriň üçüsi: «Binagärlik», «Binagärlik gurşawynyň dizaýny», «Şähergurluşygy we ilatly ýerleri meýilleşdirmek» diýen hünärler boýunça işgärler taýýarlanylýar. Bu bölümlerde üç ýüzden gowrak talyp bilim alýar, olar alty ýylyň dowamynda okuwyň doly kursuny okap geçýärler.

Žurnalyň «Ylym» bölüminde gurluşyk senagatynda täze tehnologiýalaryň ulanylyşy, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty tarapyndan işlenip taýýarlanylan usullar, onuň hünärmenleri tarapyndan çylşyrymly toprak şertlerindäki binalara we desgalara seýsmiki täsirleri peseltmek meseleleri boýunça alnyp barylýan işler baradaky makalalar çap edildi.

Žurnal şeýle hem gurluşyk sungatynyň we şäher bezeginiň iň oňat eserleriniň bäsleşiginiň iň gyzykly işleri bilen okyjylary tanyşdyrýar. Bu bäsleşik Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasyndaky serginiň netijeleri boýunça geçirildi. Bu çäre hünär ugurlar boýunça bilim alýan ýaş hünärmenlerde we talyplarda döredijilik ösüşine we öz mümkinçiliklerini açyp görkezmäge ymtylmalaryny höweslendirmek maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guraldy. Şeýle ymtylmalaryň bolmagyna bäsdeşlik ruhy hem ýardam berýär. Sergä döwlet taslama guramalary we degişli ýokary okuw mekdepler, şeýle hem hünär derejeli döredijilik ussahanalary hem-de ýurdumyzyň Binagärler birleşmesiniň agzalary bolan aýratyn işleýän ussatlar gatnaşdylar.

Žurnalyň nobatdaky sanyna şeýle hem seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermekde we Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) gatnaşyklarynyň çäklerinde seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda, «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynda Uly Gyzgalany gorap saklamak we onda iş alyp barmak boýunça amala aşyrylan türkmen-amerikan taslamasy barada makalalar girdi.

Žurnalyň «Önümçilik» bölüminde Ahal welaýatynda, Owadandepede bina edilen ýurdumyzda iň iri gazy gaýtadan işleýji kärhananyň gurluşygy barada gürrüň berilýär.

Žurnalda şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň aýdyň görkezijisi bolup durýan Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ýagdaýyna möhüm syn berilýär. Bu baradaky gürrüňler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk pudagynda işewürleriň we telekeçileriň barha artýan ornuna bagyşlanan makalada dowam etdirilýär.

«Aşgabat aglomerasiýa giňişliginde» atly makala okyjylaryň aýratyn ünsüni çekýär. Makalada paýtagtymyzyň aglomerasion ykdysadyýetini we onuň ýakynyndaky etraplary ösdürmek, gurşap alýan çäkleri jemlemek hem-de iri ýaşaýyş toplumyny döretmek boýunça meýilnamalara garalýar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çykýan «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» neşiri bilermenleriň garaýşy arkaly, ýöne hünärmenleriň hem-de giň okyjylar köpçüliginiň gyzyklanmasynyň nukdaý nazaryndan berilýän gyzykly makalalaryň saýlanyp ýerleşdirilmegi bilen ýene-de begendirdi. Onuň nobatdaky sany maglumatlara, many-mazmuna baý we elbetde, owadan boldy. Bu bolsa neşiriň öwrenijilik häsiýetli, peýdaly we ýakymly bolmagyny üpjün edýär.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň