Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Ahal" bilen "Hujandyň" Aşgabatdaky duşuşygy deňlikde tamamlandy

19:5506.03.2019
0
5138

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň wise-çempiony, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary AFK-nyň kubogy urgundaky halkara ýaryşyň saýlama tapgyrynda Gyrgyz Respublikasynyň «Alaý» toparyndan üstün çykyp, ýaryşy pleý-off tapgyrda dowam etdirmäge hukuk gazanypdy. Ildeşlerimiziň bu gezekki garşydaşy Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» futbol topary.

Şu gün köpugurly «Aşgabat» stadionynda «Ahal» bilen «Hujandyň» arasyndaky ilkinji duşuşyk geçirildi. Stadionda 18 müň 100, «mawy ekranyň» başynda bolsa millionlarça janköýeri özüne baglan duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşykda ilki bolup hasaby myhmanlar açdylar. 16-njy minutda «Ahalyň» derwezeçisi Batyr Babaýewiň goýberen sähelçe ýalňyşlygyndan myhman toparyň oýunçylary dürs peýdalandy. 25-nji doglan gününi Aşgabatda belleýän Jahongir Ergaşew biziň derwezeçimiziň üstünden pökgini owadan aşyryp, «Hujandyň» AFK-nyň kubogy ― 2019-daky ilkinji pökgüsini geçirdi.

Ildeşlerimiz bu geçirilen pökgä 29-njy minutda jogap berdiler. Şu duşuşygyň ykbalyny kesgitlän pökgini hüjümçi Didar Durdyýew geçirdi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda iki tarapdan hem howply hüjümleriň birnäçesiniň gurnalandygyna garamazdan, hasaby artdyrmak olaryň hiç haýsyna başartmady.

Jogap duşuşygy 13-nji martda Täjigistanyň Hujand şäherinde geçiriler. Bu duşuşykda türkmen futbolçylaryny ýeňiş ýa-da 1:1-den uly hasapdaky deňlik kanagatlandyrýar.

Pleý-off tapgyrynyň ýeňijisi yklym ýaryşynyň Merkezi zolagyna, ýagny «D» toparça goşular. Häzir bu toparçada ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr», Täjigistanyň çempiony «Istiklol» we Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoý» bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň