Arhiw

Türkmenistanyň sport teleýaýlymy "Ahal" - "Hujand" duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

15:5806.03.2019
0
4242

"Türkmenistan: Sport" teleýaýlymy AFK-nyň kubogy - 2019-yň pleý-off tapgyrynyň çäginde Aşgabatda geçiriljek "Ahal" - "Hujand" duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer. Köpugurly "Aşgabat" stadionynda geçiriljek duşuşyk barada bu habary öz okyjylary bilen paýlaşmak Turkmenportalyň redaksiýasyna çäksiz şatlyk bagyşlaýar.

"17:45-de biizň ýaýlymymyza tomaşa ediň. Şol minutlardan başlap, toparlaryň taýýarlygyny, soňra-da duşuşygyň özüni göni ýaýlymda görkezeris" diýip, ýaýlym tarapyndan habar berildi.

Duşuşykda hindistanly hünärmenler eminlik eder.

Iki toparyň arasyndaky jogap duşuşygy 13-nji martda Täjigistanyň Hujand şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň