Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti türgenleriň Olimpiada - 2020-ä taýýarlanmagy hakynda Karara gol çekdi

23:5904.03.2019
0
4422

4-nji martda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy hakynda» Karara gol çekip, ony şolbada elektron resminama dolanyşygy arkaly degişli bolbaşçylara - wise-premýer P.Agamyradowa, sport we ýaşlar syýasaty D.Gulgeldiýewe we Aşgabat şäheriniň häkimine ugratdy.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde uzak möhletleýin we «Awaza» sport toplumynda möwsümleýin sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek üçin ýöriteleşdirilen sport bazalary dörediler.

Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda türgenler ýaşaýyş jaýlary we ýörite iýmitler bilen üpjün ediler, olaryň hiline we howpsuzlygyna hünärmenler gözegçilik eder. Galyberse-de, bu ýerde türgenlere degişli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek ýola goýlar.

Tokioda geçiriljek dabaraly çärelerde we ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik etjek türgenleriň we tälimçileriň lybaslary babatda D.Gulgeldiýewe aýratyn tabşyryklar berildi. Biziň ýygyndy toparlarymyzyň agzalarynyň dabara we sport lybaslary milli öwüşginleri, medeni özboluşlylygy we aýratynlygy özünde jemlemelidir. Lybaslaryň bezelişinde ruhy we maddy mirasymyz üçin mahsus bolan, häzirki döwrüň modasynyň meýilleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylan milli nusgalara kybap gelýän nyşanlar ulanylmaly.

Sport egin-eşikleri, ozaly bilen, amatly we rahat bolmalydyr hem-de olar taýýarlanylanda, matalar saýlanyp alnanda, Ýaponiýanyň howasyny nazara almak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa oýunlaryna ýokary guramaçylyk derejesinde toplumlaýyn taýýarlyk görmek meselelerini ýene-de bir gezek umumylaşdyrmak bilen, esasy wezipeler toparyny kesgitläp, wise-premýere, sport we ýaşlar syýasaty ministrine, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimine şu günki maslahatda gol çekilen Karary ýerine ýetirmek üçin türgenlerimizi ähli zerur zatlar bilen üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň