Türkmen saz gurallaryna bagyşlanan täze kitap çapdan çykdy

21:3904.03.2019
0
6942

Türkmenistanyň halk artisti, tanymal kompozitor, Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Saz gurallaryny öwreniş” aly kitaby çapdan çykdy. Kitapda türkmen milli we giňden ýaýran nusgawy hem-de estrada saz gurallarynyň aýratynlyklary açylyp görkezilýär.
Onuň “Saz hakda söhbet” atly birinji babynda awtor okyjyny sesleriň sazlaşyk dünýäsine atarýar, olaryň gelip çykyşyna we aýratynlyklaryna syn berýär, saz gurallarynyň ilkinji nusgalaryny, olaryň döreýiş we kämilleşdiriş taryhyny derňeýär.
Türkmen saz medeniýetine degişli bölümde dutar, gyjak, gargy tüýdük, dilli tüýdük, gopuz .... ýaly gadymy milli saz gurallary barada gürrüň berilýär.
Beýleki bir babynda simfoniki orkestriň saz gurallary bilen tanyşdyrylýar, olar: kirişli, üflenip çalynýan agaç, üfleinip çalynýan mis we dep saz gurallary toparlaryna bölünipdir, soňra türkmen milli orkestr saz gurallary barada aýdylýar. Awtor gelip çykyşy asyrlaryň jümmüşinde ýitip giden häzirkizaman, döwrebaplaşdyrylan saz gurallaryny sypatlandyrýar. Olar dutaryň (prima, sekunda, alt, bas, kontrabas), gyjagyň (prima, sekunda, alt, bas, kontrabas), üflenip çalynýan saz gurallarynyň (naý, surnaý, balaman, kernaý), plektra saz gurallarynyň (rubab, üçtar, ud, baglama, tar) we dep saz gurallarynyň (dep, hagara, goşa nagara, zarp) ýaly görnüşleridir.
Saz döretmegiň dünýäsine “syýahaty” estrada we jaz saz gurallary baradaky bap jemleýär.
Sazçylyk okuw mekdepleriniň talyplaryna we mugallymlaryna niýetlenen okuw gollanmasynyňň awtory saz gurallarynyň taryhyna, ýerine ýetirijilik usullaryna we ştrihlerine aýratyn üns berýär. Kitapda saz gurallarynyň reňkli suratlary we gurluş çyzgysy ýerleşdirilipdir. Täze neşir şeýle hem giň okyjylar köpçüligi üçinem gyzykly bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň