Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» ― «Hujand» duşuşygyna hindistanly hünärmenler eminlik eder

21:3504.03.2019
0
2436

Ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” bilen “Hujand” (Täjigistan) toparlarynyň arasynda paýtagtymyzda geçiriljek AFK-nyň peý-off duşuşygynda FIFA-nyň emini Şrikrişna Koimbatore Ramaswami (Hindistan) eminlik eder. Onuň ildeşleri Antoni Abraham bilen Sumanta Dutta gapdal emin hökmünde kömekleşerler. Ätiýaçdaky eminiň wezipesini Tejas Nagwenkar (Hindistan) ýerine ýetirer. Duşuşygyň gözegçi emini Saleh Mohamed Abdulla Hasan Ali Marzuki (BAE), komissary Omid Jamali (Eýran) bolar.
Ýeri gelende aýtsak, “Ahal” AFK-nyň Kubogynyň pleý-off oýnunda täjikleriň “Hujand” topary bilen duşuşar.  Bu toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk 6-njy martda “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlanar.
Bu jübütiň ýeňijisi AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik alar. Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Kubogynyň Merkezi zolagynyň “D” toparçasynda “Altyn Asyr” (Türkmenistan), “Istiklol” (Täjigistan) hem-de “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy) çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.
AFK-nyň Kubogy-2019
Merkezi zolak
Pleý-off. Birinji duşuşyk
6-njy mart (çarşenbe)
Başlanýan wagty – 18:00
«AHAL» (TÜRKMENISTAN) – «Hujand» (Täjigistan)
Aşgabat, «Aşgabat» stadiony
Pleý-Off. Jogap duşuşygy
13-nji mart (Çarşenbe)
«Hujand» (Täjigistan) — «AHAL» (TÜRKMENISTAN)
Hujand, «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadiony.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň