Türkmenistanda täze sport desgalary gurlar

11:0304.03.2019
0
4189

3-nji martda Türkmenistanyň ýygyndysynyň Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygy bilen tanyşlygynyň barşynda döwlet Baştutany Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän sport toplumlarynyň we olaryň desgalarynyň taslamalary baradaky hasabatyny diňledi. Şeýle hem Olimpiýa şäherçesinde we paýtagtymyzyň beýleki künjeklerinde bar bolan sport desgalaryny netijeli peýdalanmak ugrunda maksatnamalaýyn çäreler barada habar berildi.
Milli Liderimiz taslamalar bilen tanşyp, olary makullady hem-de sport desgalarynyň ählisini ýokary hil derejesinde, dünýäniň ösen tehnologiýalaryny we tejribelerini ulanyp, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryp gurmagy hem-de olaryň bellenilen möhletlerinde ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň