Türkmen agyr atletikaçysy Seýitjan Mirzaýew Hytaýda geçirilýän Dünýä kubogynda bürünç medal gazandy

15:1803.03.2019
0
4223

Türkmenistanly türgen Seýitjan Mirzaýew Agyr atletika boýunça dünýä kubogy ugrundaky halkara ýaryşda 55 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, bürünç medal eýeledi. Ýaryş Hytaý Halk Respublikasynyň Fuçžou şäherinde geçirilýär. Iki görnüşiň jemi boýunça 231 kilogram agyrlygy göteren ildeşimiz silterläp götermekde kümüş (106 kilogram), iteklemekde bürünç medaly (125 kilogram) eýeledi.
Hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan indoneziýaly Bin Suwoto Surahmat 250 kilogramlyk (105+145) netije görkezdi. Bu agram derejäniň ýeňijisi wýetnamly Giýa Laý Than bolsa netijesini 261 kilograma ýetirdi.
Bu ýaryş 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyrlarynyň birine girýär. Biziň ildeşimiz Dünýä kubogynda üçünji orny eýelän hem bolsa, erkekleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesiniň Olimpiýa maksatnamasyna goşulmaýandygy sebäpli, Olimpiada ― 2020-ä gatnaşyp bilmez.
Türkmen agyr atletikaçylary şu günler saýlama halkara ýaryşlaryň başga-da birnäçesine gatnaşýarlar. Şu günler Eýranda dowam edýän Fajr kubogy ugrundaky 4-nji halkara ýaryşa ýurdumyzdan dört agyr atletikaçy wekilçilik edýär. Olar öz agram derejelerinde iň gowy türgenleriň sekizligine girip, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk  gazanmak üçin synanyşyk ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň