Arslanmyrat Amanow AFK-nyň nazarynda

14:1803.03.2019
0
8872

Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň bosagasynda AFK-nyň resmi saýtynda oňa gatnaşýan klublaryň düzümine täze goşulan we yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşyna öz oýny bilen täsir edip biljek 10 futbolçy barada makala ýerleşdirildi. Bu futbolçylaryň arasynda Özbegistanyň çempiony «Lokomotiwiň» düzümine goşulan türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanowa hem orun berilýär.
Makalada Arslanmyrat Amanow barada şeýle diýilýär: «Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany «Lokomowtiwiň» täze möwsümiň öňüsyrasynda düzümine goşan futbolçylarynyň arasynda iň netijelisi bolup biler. 28 ýaşly futbolçy Aziýa kubogynda hem özüni görkezdi. Onuň Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň derwezesinden geçiren ajaýyp goly heniz hem akyllarda ýaşaýar. Arslanmyrat Amanow Türkmenistanyň dürli toparlary bilen 2008, 2009 we 2010-njy ýyllarda AFK-nyň prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşlara, 2017-nji ýylda bolsa «Altyn asyr» bilen AFK-nyň kubogyna gatnaşdy. Oňa indi AFK-nyň Çempionlar ligasynda hem ukybyny ykrar etdirmäge mümkinçilik döredi».
Şeýle hem makalada Sebastian Jowinko («Torontodan» «Al-Hilala», Saud Aranystany), Rizo Guçannajod (APOEL-den «Sidneýe», Awstraliýa),  Şoýa Nakajima («Portimonenseden» «Al Duhaýla», Katar), Leonardo Damio («Internasionaldan» «Kawasaki Frontale», Ýaponiýa), Mehdi Torabi («Saýpadan» «Persepolise», Eýran), Maruan Fellaýni («Mançester Ýunaýtedden» «Şandong Lunenge», Hytaý), Mehdi Benatia («Ýuwentusdan» «Al Duhaýla», Katar), Leonardo Welaskes («Johor Darul Tazim», Malaýziýa) we Luong Huan Truong («Hoang An Giadan» «Buriram Ýunaýtede», Tailand) hakynda hem aýratyn bölümlerde nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň