Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň resmi saýty açyldy

12:5203.03.2019
0
6641

Mundan bir ýyl ozal ― 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda açylyp, ulanmaga berlen Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň resmi internet saýty döredildi. Oňa www.tia.gov.tm salgysy bilen girip bolýar.
Hem doly, hem-de mobil görnüşde taýýarlanan saýtyň baş sahypasyny Halkara howa menziliniň daşky we içki görnüşlerinden owadan suratlar bezeýär. Şeýle hem baş sahypada menziliň geçen asyryň 20-nji ýyllaryna çenli daýanýan taryhy we häzirki zaman mümkinçilikleri barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Saýtyň menýusy «Onlaýn tablo», «Gatnawlar», «Bilet satyn almak» we «Hyzmatdaşlara» atly bölümlerden ybarat. Bölümleriň adyndan hem mälim bolşy ýaly, saýtdan peýdalanyjylara bu Halkara howa menziliniň onlaýn tertipnamasy, gatnawlar barada maglumatlar ýetirilýär. Bilet satyn almak hyzmatynda bolsa «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtyna (www.turkmenistanairlines.tm) saýtyna salgylanylýar. «Hyzmatdaşlara» atly bölüm bu Halkara howa menzili barada maglumatlaryň toplumyndan durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň