«Çalyk Enerji» kompaniýasy Mary DES-ide abatlaýyş işlerini geçirer

21:1302.03.2019
0
5439

1-nji martda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer D.Amangeldiýew Mary döwlet elektrik stansiýasy üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny, enjamlary, materiallary we himiki serişdeleri satyn almak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyza Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň ulanylmaga berilmegi bilen, elektrik stansiýasynyň öňki hereket edýän bölegindäki bug turbinalarynda tapgyrlaýyn abatlaýyş işlerini geçirmek mümkinçiliginiň dörändigini aýtdy. Şonuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik yglan edildi. Oňa daşary ýurt kompaniýalarynyň 7-si gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Mary DES-indäki turbinalary döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmek hem-de zerur ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak «Çalyk Enerji Sanayi ve Tijaret A.Ş.» kompaniýasyna ynanyldy.
Abatlaýyş işleri geçirilenden soňra, stansiýanyň kuwwatynyň 650 megawatdan 1000 — 1200 megawata çenli artjakdygy, şunuň netijesinde, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak üçin mümkinçilikleriň dörediljekdigi habar berildi.
Milli Liderimiz alnyp barylýan gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagynyň hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň esasy talap bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamanyň taslamasyna gol çekip we ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly ugradyp, degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň