Türkmenistanda döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary we döwlet umumybilim edaralary hakyndaky Düzgünnamalar tassyklanyldy

23:5001.03.2019
0
15698

Döwlet mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralarynyň işini düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky Düzgünnama hem-de Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, bilim ulgamynda gazanylan oňyn milli we dünýä tejribeleri, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kämilleşdirilmegi, 12 ýyllyk orta bilime geçilmegi göz öňünde tutulyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilimi yzygiderli ösdürmek hem-de bu ulgamda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, häzire çenli hereket eden kadalaşdyryjy namalara täzeden garaldy we olara üýtgetmeler girizildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, kämilleşdirilen resminamalarda dünýäniň iň gowy işläp taýýarlamalary hem-de ylmy gazananlara we täzeliklere esaslanýan täze wezipeler hem-de olary durmuşa geçirmegiň tertibi beýan edildi.
Hususan-da, umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler girizildi. Şoňa laýyklykda, döwlet tarapyndan her bir raýata umumy orta bilim almak hukugy kepillendirilýär. Saglygy babatda mümkinçilikleri çäklendirilen, şeýle hem wagtynda umumy orta bilim alyp bilmedik adamlara bilim almak babatda zerur şertler döredilýär.
Şeýle hem kadalaşdyryjy namalardaky üýtgetmelere laýyklykda, okuw işi türkmen halkynyň milli däpleriniň iň oňat nusgalaryny peýdalanmak bilen, dünýäniň häzirki zaman öňdebaryjy mugallymçylyk ylmynyň we usulyýetiniň gazananlary esasynda guralýar. Çagalaryň tebigy zehinini açmak, ösdürmek we höweslendirmek şertleriniň we görnüşleriniň barha artýandygyny, şonuň esasynda halkara tejribä laýyklykda, umumybilim okuw maksatnamasyny kesgitlenen möhletinden gysgaldylan möhletde özleşdirmäge mümkinçilik döredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň