Soňky habarlar

Arhiw

10-njy martda futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi kesgitlener

21:0301.03.2019
0
2922

Futzal çempionatlarynyň islendiginiň açylyşyny özünde jemleýän Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk 10-njy martda geçiriler. Bu Kubok ugrundaky bäsleşik adatdakylary ýaly ýurduň çempionynyň hem-de Kubogynyň eýesiniň gatnaşmagynda geçirilýär ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda (www.tff.com.tm) habar berilýär.
10-njy martda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň sport desgasynda geçiriljek duşuşykda geçen möwsüm ýurdumyzyň çempiony derejesini gazanan “Köpetdag” bilen Kubogyň eýesi Türkmenbaşynyň “Deňizçisi” duşuşar. Bu duşuşyk 12:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň