Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun: «Zenite» Gurban Berdiýewiň razylygy bilen geçdim»

19:5801.03.2019
0
6613

24 ýaşly eýranly futbolçy, eýranly türkmen Serdar Azmun ýakynda Russiýanyň «Матч ТВ» teleýaýlymyna uly interwýu berdi. Ol bu interwýuda Sank-Peterburgyň «Zenitine» geçiş döwri barada giňişleýin gürrüň berdi. Kazan şäheriniň «Rubininiň» ozalky hüjümçisi täze topary bilen ilkinji resmi duşuşygyny Ýewropa Ligasynyň 1/8 finalynda Türkiýäniň «Fenerbahçe» toparyna garşy geçirdi. «Zenitiň» ýerli stadionyndaky jogap duşuşygynda iki gezek tapawutlanyp, toparynyň ýaryşy dowam etdirmegine uly goşandyny goşdy.
― Siz nädip «Zenite» geldiňiz?
― Maňa Aziýa kubogynyň yzysüre teklip geldi. Men muňa örän şat boldum. «Zenitde» örän gowy we akylly tälimçi bar. Üstesine-de ol ýaş, geljegi öňde. Köpler onuň bilen ozaldan bäri gowy gatnaşykdadygymy hem bilýär. Tälimçiniň tagallasy bilen, topar ýaryş tertibinde hem kem-kemden ýokary galýar. Şeýle topardan teklip gelmegi meniň üçin juda ýakymly boldy. Üstesine, ata-enem hem eger «Rubinden» gaýdyp, ýene-de Russiýada galmakçy bolsam, diňe «Zenitde» dowam etdirmegimi isläpdiler.
― Semak premýer-ligada täzelikden bäri işläp başlady. Size onuň haýsy aýratynlyklary ýarady?
― Ol «Ufany» ýewrokuboklara alyp çykyp hem ezber tälimçidigini subut etdi. «Zenit» bolsa güýzde çempionaty öňdäki orunlarda tamamlady. «Zenitde» mundan ýokary sepgitlere ýetmäge-de mümkinçilik bar. Bu topara diňe ösüşdäki futbolçylar çagyrylýar. Ikinji bir tarapdan bolsa, şeýle abraýly toparda futbol oýnamak her kim üçin hem uly mertebedir.
― Bu transfer meselesinde Gurban Berdiýew bilen ylalaşypmydyňyz?
― Her bir oýunçy beýle ýagdaýlarda baş tälimçisi bilen maslahatlaşýar. Bu ýagdaý başgaça bolup bilmezem. Üstesine, ençeme ýyllap Gurban Bekiýewiç bilen bile işledik, onuň bilen gowy gatnaşyklarymyz, ýakymly ýatlamalarymyz bar.
― Ol saňa nädip rugsat berdi? Çünki sen onuň işlän toparlarynyň esasy futbolçysydyň?
― Belki, Gurban Bekiýewiç hem menden ýadandyr? Ol maňa başga toparlarda hem özümi synamagy maslahat berdi. Ikimiz hem «Zenitiň» meniň üçin iň gowy ýol boljakdygyny bilýärdik. Galyberse-de, bu karar diňe maňa bagly däl. Şonuň üçin hem Berdiýew meni saklamady. Ol meniň has ýokarky belentliklere ýetmegimi isleýär.
― Aziýa kubogy niçik derejedäki kyn ýaryş?
― Örän çylşyrymly. Ol ýerde her oýun ― ykbal kesgitleýji. Gynansagam, ukyplarymyzy doly görkezip, öňümizde goýan asyl maksadymyza ýetip bilmedik. Munuň käbir sebäpleri bardy. Milli ýygyndymyzyň futboly käbir ýolbaşçylarymyz, žurnalistler tarapyndan tankytlanyldy. Şundan täsirlenen bolmagymyz hem ahmal. Janköýerlerimize şatlyk paýlamak üçin gidipdik, ýöne finala çykyp bilmedik.
― «Old Traffordyň», «Mançester Ýunaýtede» garşy oýnamagyň duýgularyny paýlaşaýsaňyz.
― Täsin, juda ajaýyp atmosferady.
― Haýsy has ýakymly ― «Mançester Ýunaýtediň» stadionynda oýnamakmy ýa-da 80 müň janköýeriň goldamagynda Tähranda Eýranyň ýygyndysynyň düzüminde çykyş etmekmi?
― Biziň duşuşyklarymyzyň käbirine 100 müň tomaşaçy hem ýygnanýar. «Old Trafford» ― elbetde, juda ýakymly, juda täsin duýgy bagyşlaýar. Ýöne milli ýygyndymyz üçin oýnap bilmek maňa hemişe belent mertebe. Janköýerleriň söz bilen düşündirip bolmaýan goldawyny duýmak juda ýakymly duýgy. Şowhundan ýaňa, hatda bir metr ýakynlygyňdaky goňşyňy hem eşitjek gümanyň ýok.
― Watanyňyzda sizi «Eýran Messi» diýip atlandyrýarlar. Bu dogrumy?
― Munuň nireden çykanyny bilemok (gülýär). Ýöne oňa meňzäp biljek ýok.
― Instagramda sizi 3 million adam yzarlaýar. Siz Eýranda iň meşhur adamlaryň biri. Öýde, söwda merkezinde arkaýyn aýlanyp bilýärsiňizmi?
― Dogduk şäherimde (Kümmet-Kowus) meni her kim çagalygymdan bäri tanaýar. Şonuň üçin olara men ýönekeý bir adam. Siziň aýdýan ýagdaýlaryňyza beýleki ýerlerde gabat gelip gördüm. Emma bu ýagdaý keýpimi bozanok. Men janköýerlerime düşünýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň