Türkmenistanly futbolçy Özbegistanyň «Nawbahory» bilen şertnama baglaşdy

18:1001.03.2019
0
6881

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Elman Tagaýew Özbegistanyň «Nawbahor» futbol kluby bilen 1+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu barada klubyň resmi saýtynda habar berilýär.
Geçen ýyl Özbegistanyň çempionatyny bürünç medal bilen tamamlan topara häzir russiýaly meşhur hünärmen Andreý Kançelskis tälim berýär. Üstünlikli ýoluna 1996-njy ýylda başlangyç beren topar geçen ýyllaryň içinde ýurduň birinjiliginiň bürünç medalyny dokuz gezek gazandy, üç gezek Özbegistanyň kubogyna mynasyp boldy. «Nawbahor» Özbegistanyň Naýbaşy kubogynyň hem ilkinji eýesidir (1999 ý.).
«Nawbahor» klubynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen gysgaça söhbetdeşlikde Elman Tagaýew Özbegistana ýokary derejeli futbol oýnamak üçin gelendigini aýdýar. Ol türkmen futbolçylarynyň ozal hem birnäçesiniň «Nawbahorda» üstünlikli çykyş edendigini ýatlaýar. Hakykatdan-da, Myrat Hamraýew, Guwançmuhammet Öwekow, Didar Hajyýew, Ýagmyrmyrat Annamyradow, Maksim Belyh, Mämmedaly Karadanow ýaly futbolçylar dürli ýyllarda bu toparda futbol oýnapdylar. 2004 ― 2005-nji ýyllarda bolsa topara türkmenistanly hünärmen Rahym Gurbanmämmedow tälim beripdi.
Elman Tagaýew 1989-njy ýylyň 2-nji iýunynda Aşgabatda doguldy. Ol 8 ýaşynda sport mekdebinde futbola türgenleşip başlady. 2010 ― 2012-nji ýyllarda «Aşgabat» toparynyň düzüminde futbol oýnady. 2012-nji ýylda Azerbaýjanyň AZAL toparyna goşulan ýarym goragçy bu ýerde 8 resmi duşuşyga gatnaşdy. 2013-nji ýylda ol ýene-de «Aşgabadyň» hataryna gaýdyp geldi. Elman Tagaýew 2014-nji ýylda «Altyn asyryň» düzümine goşuldy we ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. 2015-nji ýylda bolsa ol uly şikes sebäpli futboldan uzakda boldy. E.Tagaýew futbol ýoluny 2016-njy ýylda Özbegistanyň «Andijan» toparynda dowam etdi we bu topar bilen resmi duşuşyklaryň 12-sine gatnaşdy. 2017 ― 2018-nji ýyllaryň futbol möwsüminde bolsa ol Azerbaýjanyň «Sabail» toparynyň üstünlikleri üçin göreşdi. Bu ýerde 25 duşuşyk geçiren Elman Tagaýew 2 gezek tapawutlandy. Geçen ýylyň tomsunda ýene-de Türkmenistana dolanyp, «Ahalyň» düzümine goşulan ýarym goragçy şu ýylyň fewralynda toparyň Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde ýerli «Alaý» bilen geçiren duşuşygynda hem esasy düzümde meýdana çykdy. Bu duşuşyk 2:1 hasabynda «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy.
Elman Tagaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine ilkinji gezek 2012-nji ýylda çagyryldy. Ol ilkinji duşuşygyna 2012-nji ýylyň 10-njy martynda AFK-nyň Çagyryş kubogynda Palestinanyň ýygyndysyna garşy geçirdi. Ilkinji goluny bolsa şondan iki gün soňra Nepalyň ýygyndysynyň derwezesine geçirdi. Ol 2010-njy ýylda olimpiýa ýygyndymyz bilen Hytaýyň Huançžou şäherinde geçirilen XVI Tomusky Aziýa oýunlarynda hem tejribe toplady. Şu ýylyň ýanwar aýynda bolsa ol Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen BAE-de geçirilen Aziýa kubogyna gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň