Ulugbek Muminow: «Gyrgyz toparlary ýakynda türkmen toparlary bilen ýaryşyp biljek derejä çykar»

23:5828.02.2019
0
2621

AFK-nyň kubogy ― 2019-yň saýlama tapgyrynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen jogap duşuşygyna Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäheriniň «Alaý» futbol toparynyň baş tälimçisi nemat Koşokow hem, onuň kömekçisi Aýbek Tatanow hem gatnaşyp bilmedi. Şonuň üçin 1:0 hasabynda «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykdan soňky metbugat maslahatynda, žurnalistleriň sowallaryna baş tälimçiniň ikinji kömekçisi Ulugbek Muminow jogap berdi. Ilki bilen toparyň eýýäm dördünji duşuşykda «Ahaldan» ýeňlendigi ýatladylyp, munuň sebäbi soraldy.
― Ilki bilen, «Ahaly» AFK-nyň kubogy ― 2019-da indiki tapgyra çykmagy bilen gutlaýaryn ― diýip, U.Muminow sözüni dowam etdirdi. ― Birinji ýarymda biz oýnuň gidişini öz elimize alyp bilmedik. Ikinji ýarymda düzümde geçiren özgertmelerimiz oýny güýçlendirdi. Ýöne netije gazanyp bilmedik. «Ahalyň» futbolçylary bolsa hasaby artdyrdylar. Olar myhmançylykda-da iki pökgi geçiripdiler. Şeýdip hem ähli zat olaryň haýryna çözüldi.
― Geçirilen golda goragçylaryň gödek ýalňyşy bar diýip düşünýärsiňizmi?
― Şol pursatda goragçylarymyz biri-biri bilen düşünişmediler. Şeýdip, biz ýeňildik.
― Öz meýdanyňyzdaky utulyşdan soňra bu gün has gowy netije görkezmäge size näme päsgel berdi?
― Biz bu duşuşygyň birinji ýarymynda has ýiti hüjüm edip, hasaby öz peýdamyza özgertmegi maksat edinýärdik. Mümkinçilikler hem boldy, ýöne netije gazanyp bilmedik.
― Bu «Alaýyň» soňky iki ýylyň içinde «Ahaldan» dördünji gezek asgyn gelişi. Siziň pikiriňizçe, gyrgyz toparlary türkmenistanly bäsdeşlerinden güýç babatynda heniz asgyn gelýärmi?
― Gyrgyz Respublikasynda futbol ösýär. Men ýakyn geljekde gyrgyz toparlarynyň türkmen futbolçylaryna mynasyp garşydaş bolup biljekdigine ynanýaryn.
― Siziň pikiriňize görä, «Ahal» AFK-nyň kubogynda nirä çenli ýetip biler?
― «Ahal» pleý-off tapgyryndan hem geçer diýip çaklaýaryn. Men hem ýaryşyň galan bölüminde bu topara janköýerlik etjek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň