Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Altyn asyr» Türkmen köli bilen bagly taslamalar bilen tanyşdy

16:2828.02.2019
0
10502

Kenarýakasynda ýörite taýýarlanan «ak öýde» döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalaryň wekillerine «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmagyň taslamasyny amala aşyrmagyň barşy hakynda gürrüň berdi. Bu emeli köle ýerleriň suwarylmagy netijesinde emele gelýän zeý suwlary gelip guýýar. Eger şol suwlar ozal öri meýdanlary basyp, Amyderýa we Garaguma akan bolsa, indi Türkmenistan bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, sebitde ilkinji bolup, daşky gurşawa aýawly garamagyň nusgasyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine ýüzlenip, bu taslama Aral deňziniň sebitindäki ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça Hereketleriň maksatnamasyna girizildi diýip belledi. Ol AHHG-nyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. 
Duşuşygyň barşynda daşary ýurtly myhmanlar «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginiň çäklerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan taslamalar bilen tanyşdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 2019 — 2025-nji ýyllarda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitlerini özleşdirmek babatda işlenip taýýarlanan Konsepsiýanyň taslamasyny görkezdi. Bu resminamada Türkmen kölüniň suwuny netijeli peýdalanmak, Garagum sährasyny mundan beýläk-de özleşdirmek we onda tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlaryny giňeltmek boýunça anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutuldy.
Degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralary, şeýle hem Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleri tarapyndan kölüň töwereginde dowardarçylygy, düýedarçylygy, balykçylygy we ekerançylygy ösdürmek boýunça teklipler taýýarlandy.
Tanyşdyryşyň barşynda wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna birnäçe ýylyň dowamynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň birnäçesini hödürledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň