Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň ýene-de üçüsi açyldy

23:5327.02.2019
0
6936

27-nji fewralda Aşgabadyň günorta künjegindäki Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda birbada üç sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Dabarada ähli amatlyklary özünde jemleýän belent ýaşaýyş jaýlarynyň 216-synyň öýleriniň açarlary bagtyýar maşgalalar gowşuryldy. Jaýlaryň taslamalaşdyrylyşy, gurnama çözgütleri häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Onuň gurluşygynda, bezeg işlerinde häzirki zaman ýylylyk saklaýjy we beýleki amatly serişdeler peýdalandy.
Belent jaýlaryň biri bir, iki, üç we dört otagly 108 öýden ybaratdyr. Beýleki jaýlaryň her birinde üç we dört otagly öýleriň 54-si ýerleşýär. Şolaryň amatly ýaşaýyş meýdany, goşmaça kömekçi desgalary bar. Öýleriň aşhanasy, otaglary, eýwany amatlylygyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär. Häzirki zaman bezegi esasynda enjamlaşdyrylan mebelleriň hemmesi ýerli önümlerdir. Durmuş tehnikalary bolsa daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden gelen enjamlardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň