Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gökdepe etrabynda täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

23:5027.02.2019
0
9026

27-nji fewralda Gökdepe etrabynyň çäginde hususy bölege degişli iki iri desganyň — agrosenagat toplumynyň hem-de demir beton önümlerini öndürýän kärhananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň, milli parlamentiň deputatlarynyň, etrap häkimliginiň, sebitiň edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, hormatly ýaşulularyň, giň jemgyýetçiligiň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň dowamynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudygy bellenildi. 
Şol gün gurluşygyna badalga berlen agrosenagat toplumyny «Sowuk göz» hojalyk jemgyýeti bina eder. Ol 220 gektar meýdanda ýerleşdiriler. Geljekde bu ýerde içerki we daşarky bazarlara ugratmaga niýetlenen oba hojalyk önümleriniň önümçiligi hem-de şolary gaýtadan işlemek, şeýle hem et we balyk önümleri, dünýä belli türkmen çakyrlarynyň dürli görnüşlerini we beýlekileri öndürmek hem-de ýerlemek göz öňünde tutulýar.
Et önümleri kärhanasy toplumyň esasy desgalarynyň biri bolup, ýylda gara mallaryň we dowarlaryň etiniň 360 müň tonnasynyň önümçiligine niýetlenendir. Bu ýerde ýokary hilli et önümleri öndüriler. Bu bolsa dünýäniň degişli ulgamlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň eksport ugruny ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Balyk köpeltmäge we gaýtadan işlemäge niýetlenen ýapyk görnüşdäki balyk kärhanasy hem enjamlaşdyrylyş taýdan tapawutlanýar. Onuň taslama kuwwaty ýylda dürli görnüşli balyklaryň 240 tonnasynyň önümçiligine niýetlenendir. Onuň düzüminde balyklary ösdürmegiň ähli ugurlaryny üpjün etmäge niýetlenen doly enjamlaşdyrylan bölüm, olary arassalaýan ulgam bolup, ýarym taýýar önümler bu ýerden gaýtadan işlemäge we kakadylýan bölüme ugradylar.
Toplumyň desgalarynyň hatarynda çakyr kärhanasy-da bar. Onuň kuwwaty ýylda 15 müň tonna üzümi gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Dürli görnüşli üzümleri ösdürip ýetişdirmek Gökdepe etrabynyň çäginde «Sowuk göz» hojalyk jemgyýetine degişli bolan 520 gektar meýdanda amala aşyrylar.
Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman enjamlary we sowadyjy kameralar bilen üpjün edilen ammarlar ýerleşer. Agrosenagat toplumynyň çäginde gurulýan şeýle desga birbada 38 müň tonna önüm saklamaga niýetlenendir. Ondaky önümler ýylyň tutuş dowamynda degişli harytlyk görnüşinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bazarlaryna ugradylar.
Toplumyň ýene bir desgasy ýerli gök we bakja önümleri hem-de miweleri gaýtadan işlemäge we olary gaplamaga niýetlenen kärhanadyr. Bu ýerde mürepbeleriň, miwe suwlarynyň, şerbetleriň, duzlanan önümleriň we beýleki ir-iýmişleriň önümçiligi meýilleşdirilýär.
Bu ýerde barlaghana bolup, onda gök we bakja önümleriniň hiline barlag geçirdiler we olar barlagdan soň ýörite niýetlenen gaplarda söwda bazarlaryna ugradylar.
Şeýle hem toplumyň çäginde öndürilýän önümleri gaplamak üçin plastik we karton gaplarynyň önümçiliginiň ýola goýuljakdygyny bellemeli.
Toplumyň çäginde umumy meýdany 170 gektara barabar bolan 4 sany döwrebap ýyladyşhanalar halkyň ösen islegini kanagatlandyrmaga niýetlenendir. Ýörite enjamlar ýyladyşhanada degişli howa ýagdaýyny, ýagtylygy, çyglylygy, topragyň ýokumly serişdeler bilen baýlaşdyrylmagyny üpjün eder. Ekiniň has hasylly görnüşleri şunuň ýaly şertlerde ýylyň ähli döwründe bol hasyl öndürmäge, gök önümleriň bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
20 gektar ýerde limon ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem 70 gektarda pomidor, 10 gektarda hyýar we 20 gektar meýdanda bolsa dürli hili gök we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdiriler. Mundan başga-da, ýyladyşhanalarda we açyk meýdanlarda ekmäge niýetlenen dürli tohumlar we nahallar 10 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdiriler.
Täze agrosenagat toplumynyň ähli kuwwatlyklaryny herekete girizmek maksady bilen, daýhanlar we telekeçiler bilen şertnamalar baglaşmak meýilleşdirilýär. Olara oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan ýer bölekleri bölünip berildi. Şertnama laýyklykda, olara dökün we tohum berler, ýetişdirilen hasyl bolsa satyn alnar.
Toplumyň çäginde weterinariýa, lukmançylyk gulluklarynyň hünärmenleriniň, şeýle hem barlaghana merkeziniň we bank şahamçasynyň işi üçin ýörite desgany bina etmek meýilleşdirilýär.
Bu ýerde söwda merkezi, şeýle hem ulaglaryň 500-sine niýetlenen duralga gurlar.
Soňra etrabyň çäginde ýylda 300-den 1200 millimetre çenli diametri bolan 500 müň metr beton turbalaryny we demirbeton önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhananyň gurluşygyna badalga berildi. Bu ýerde kärhananyň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilmegi ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýanyň esasynda ähli talaplara we görkezijilere doly laýyk gelýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň