Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda täze şäherçeler gurlar

23:5825.02.2019
0
13610

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer D.Amangeldiýew döwlet Baştutanynyň garamagyna Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynyň çäklerinde döwrebap şäherçeleriň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary hödürledi.

3500 maşgala niýetlenen döwrebap şäherçeler mellek ýerleri bolan ýaşaýyş jaýlarynda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ähli zerur şertler üpjün ediler. Şeýle hem şäherçeleriň çäklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, medeni ojaklar we söwda merkezleri, dolandyryş, jemgyýetçilik hem-de durmuş maksatly binalar gurlar. Mundan başga-da, bu ilatly ýerlerde hormatly Prezidentimiziň başlangyjyna laýyklykda, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşmek esasynda bir, iki hem-de dört gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulandyr.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp we olary, umuman, makullap, wise-premýere we häkime täze şäherçeleriň ýerleşdiriljek ýerlerini degişli hünärmenler bilen bilelikde ýerinde içgin öwrenmegi, şol ýerleriň ýerasty suwlarynyň derejesini barlamagy we alnan maglumatlary ylmy taýdan esaslandyrmagy tabşyrdy. Täze döredilýän şäherçelerde ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegi, bagy-bossanlygyň döredilmegi, mellek ýerlerinde gök we bakja önümlerini ýetişdirmek üçin zerur şertleriň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda ulular üçin-de, çagalar üçin-de ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulmagynyň, jaýlaryň bezeg işlerinde milli ýörelgeleriň, degişli abadanlaşdyryş işleriniň berk berjaý edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize doly laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň