Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

23:5125.02.2019
0
4654

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherine türkmen wekiliýetiniň gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Li Nak Ýon kabul etdi.

Koreýanyň Eksport-import banky hem-de Koreýanyň söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasy bilen Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň durmuşa geçirýän taslamalaryny maliýeleşdirmek babatda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giňeltmek hakyndaky başlangyç giň goldawa eýe boldy. Mundan başga-da, «Samsung» we «LG» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen olaryň nebitgaz toplumyndaky maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy babatda gepleşikler geçirildi.

Söwda, ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisiniň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň meseleleri hem-de söwda-ykdysady, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk hem-de standartlaşdyrma ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz we himiýa pudaklary netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bu ugurda birnäçe iri maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalary tassyklap, ägirt uly mümkinçiligi bolan işewür gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek boýunça anyk çäreleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda işewür gatnaşyklaryň hem-de özara pikir alyşmalaryň giňeldilmegini şertlendirýän sergi-ýarmarkalary we işewür maslahatlary guramagyň hasabyna ýola goýulýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Taraplar türkmen hünärmenleriniň «Mediсal Korea 2019» maslahatyna gatnaşmagyny guramak barada ylalaşdylar. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak, öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek babatda ähmiýetlidir. Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen işewürlik maslahatynda hususy telekeçiligi, balykçylygy ösdürmek, Türkmenistanda öndürilýän senagat harytlarynyň eksporty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemäge we azyk harytlarynyň önümçiligi üçin enjamlary getirmek hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen koreý kompaniýalarynyň arasynda suw hem-de oba hojalygy we başga ugurlar boýunça-da hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň