Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň Golf klubyna bardy

09:2325.02.2019
0
6948

24-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Golf klubynyň meýdançasynda bolup, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy.
Golf oýny çilik oýnuna çalymdaşdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde belledi. Ol gadymdan çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda meşhurdyr. Häzirki döwürde bu oýun täzeçe döreýär. Dünýäde giňden ýaýran golfuň gadymy türkmen oýny bolan çilik bilen ugurdaşdygyny bellemeli. Bu oýnuň ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýeti bar. Bu oýun bedeni taplamak bilen birlikde, ýürek-damar, süýji kesel, göwnüçökgünlik ýaly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Adamyň aň-bilim hem-de sport başarnygyny artdyrýar. Abraýly lukmançylyk boýunça hünärmenler golf oýnunyň ynsan ömrüni uzaltmakda örän möhümdigini tassyklaýarlar.
Soňra döwlet Baştutany Golf meýdançasyna baryp, bu ýerde dünýäde meşhur hasaplanylýan sportuň bu görnüşi bilen meşgullandy. Şeýle hem Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary we beýlekiler hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, golf oýnuna meşgul boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň