Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Çoganlyda ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

03:4824.02.2019
0
12693

23-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýurdumyzyň IIM-niň şahsy düzümine niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulanmaga berlen jaýlarda döredilen şertler we gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Säher bilen milli Liderimiz häzirki döwürde Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin kottejler toplumynyň bina edilýän ýeri bolan Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägine geldi.
IIM-niň buýurmasy esasynda bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny bu düzüme degişli gurluşyk birleşigi alyp barýar. Her biri iki gatdan ybarat bolan jaýlarda giň otaglaryň bäşisi ýerleşdirilendir. Ýurdumyzda häzirki döwürde bina edilýän ähli ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem ýaşaýjylar üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulypdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän täze jaýlary synlady. Kottej jaýlarynyň içki abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, döwlet Baştutany otaglarda amatlylygy döredýän ähli ugurlara hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow otaglaryň gapylarynyň, penjireleriniň we ikinji gata galýan basgançaklaryň ýerleşdirilişi, olaryň ygtybarlylygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz otaglar bilen tanyşlygyň dowamynda birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy. Olaryň gapylary we penjireleri amatly we ekologiýa taýdan oňaýly serişdelerden taýýarlanmalydyr.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze öýlere telefon aragatnaşygynyň, internet ulgamynyň we kabelli teleýaýlymlaryň çekilmegi üçin zerur enjamlaryň oturdulmalydygyny tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jaýlaryň mellek ýerlerini synlady. Bu ýerde gök ekinleri ösdürip ýetişdirmek we bag ekmek üçin ýeterlik ýerler bar. Döwlet Baştutanymyz täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň bu ýerde milli ýörelgelere laýyk gelýän çäreleri geçirmekleri üçin zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş toplumyň köçeleriniň ugrunda gök zolaklaryň döredilmelidigini, bezeg agaçlarynyň oturdylmalydygyny aýdyp, ýagyn suwlarynyň adamlar üçin oňaýsyzlygy döretmezligi babatda zerur şertleriň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Ýeri ýelende aýtsak, bu ýerde kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 40-sy ulanmaga berildi. Şeýle jaýlaryň 50-siniň bolsa gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu künjekde ýene-de 36 jaýyň gurluşygyna badalga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň