Soňky habarlar

Arhiw

Dalaşgärleri bellige almak we saýlawçylar bilen duşuşyklar dowam edýär

23:5723.02.2019
0
3477

31-nji martda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek işleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda degişli saýlaw okruglarynda dalaşgärleri bellige almak we olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.
Häzirki wagtda degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige alnan dalaşgärlere dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşurylýar.
Saýlawlar saýlaw okruglarynyň jemi 124-sinde, şol sanda: Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 3-sinde, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 4-sinde, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 15-sinde, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa saýlaw okruglarynyň 102-sinde geçiriler.
Şeýle hem dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Duşuşyklara dalaşgärleri hödürlän syýasy partiýalaryň, zähmet toparlarynyň, raýatlar toparlarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli demokratiýamyzyň barha rowaçlanýandygynyň ýene bir subutnamasydyr. Duşuşyklarda dalaşgärler saýlawçylary öz maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar, şeýle hem saýlawçylary möhüm ähmiýetli bu syýasy-jemgyýetçilik çäresine işjeň gatnaşmaga çagyrýarlar.
Ähli dalaşgärlere saýlawçylary öz maksatnamalary bilen tanyşdyrmak hem-de ony wagyz etmek üçin deň derejede mümkinçilikleriň we hukuklaryň berilýändigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň