Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy

22:1823.02.2019
0
3158

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hemTürkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzini we mazudy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky önümi bolan polietileni satyn almak üçin Şweýsariýadan, Özbegistandan we beýleki döwletlerden gelen işewür toparlaryň wekilleri geleşik baglaşdylar. Owganystandan gelen telekeçiler karbamid («Türkmenhimiýa» DK) satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük, şeýle hem awtoulag ýerlenildi. Satyn alan ýurtlaryň hataryna Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Owganystan, Gyrgyzystan we Özbegistan girdi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 652 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasyndan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Ermenistandan gelen täjirler jemi bahasy 11 million 297 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta soapstogynyň çig ýagly kislotasyny, saryja goýunyň ýüňüni satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň