Soňky habarlar

Arhiw

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakda görkezilen iş ýerlerine çagyrýar.

18:5222.02.2019
0
3230

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli we bildirilýän talaplara laýyk gelýän dalaşgärleri aşakda görkezilen iş ýerlerine çagyrýar.
1. Inžener — işläp taýýarlaýjy:
Bildirilýän talaplar:
Ähli dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
1. Bilimi: Nebit-gaz gazylyp alynýan tehnologiýa we geologiýa, geofizika pudaklary boýunça diplomy ýa-da deň derejede bilimi bolmaly.
2. Iş tejribesi: Nebit-gaz pudagynyň gözleg-agtaryş, işläp taýýarlaýyş we gazyp alyş ulgamynda 3 — 5 ýyl iş tejribesi bolmaly.
3. Dil ukyplary: türkmen, iňlis, rus dillerini erkin bilmeli.
4. Endikleri we başarnyklary: MS Office programmalaryny bilmeli.
2. Geolog:
Bildirilýän talaplar:
Ähli dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
1. Bilimi: Geologiýa we geofizika ýa-da degişli pudakda bakalawr derejesi ýa-da deň derejeli bilimi bolmaly.
2. Iş tejribesi: Gözleg-agtaryş, işläp taýýarlaýyş we gazyp alyş ulgamynda 3 — 5 ýyl iş tejribesi bolmaly.
3. Dil ukyplary: türkmen, iňlis, rus dillerini erkin bilmeli.
4. Endikleri we başarnyklary: MS Office programmalaryny bilmeli.
3. Terjimeçi:
Bildirilýän talaplar:
Ähli dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
1. Bilimi: Dil bilimi (lingwistika) boýunça diplomy bolmaly.
2. Iş tejribesi: Ýazmaça/dilden terjimede 2 — 3 ýyl iş tejribesi bolmaly.
3. Dil ukyplary: türkmen (hökmany), iňlis, rus dillerini erkin bilmeli.
4. Endikleri we başarnyklary: MS Office programmalaryny bilmeli.
4. Hünärmen (önümçilik we zähmet gatnaşyklary)
Bildirilýän talaplar:
Ähli dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
1. Bilimi: Hukukşynaslyk pudagynda ýa-da Işgärler bölümi ulgamyna degişli kadrlar boýunça diplomy bolmaly.
2. Iş tejribesi: Kadrlary dolandyrmak we / ýa-da işgärler bölümini/ zähmet kanunçylygyny we zähmet şertnamalarynyň şertlerini we önümçilik gatnaşyklaryny dolandyrmakda 5 — 8 ýyl iş tejribesi bolmaly.
3. Dil ukyplary: türkmen, iňlis, rus dillerini erkin bilmeli.
4. Endikleri we başarnyklary: MS Office programmalaryny bilmeli we seljeriş geçirmegi başarmaly.
Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki edara jaýynda şu salgy boýunça alyp bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý. Doldurylan sowalnamalar iş barada bildirişiniň çap edilen gününden başlap, 2 hepdäniň dowamynda “PÇ(T)SB” kompaniýasyna tabşyrylmalydyr. Şeýle-de sowalnamalar görkezilen elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner: recruitment.tm@petronas.com.my
Söhbetdeşlige diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler çagyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň