Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» düzümini täze oýunçylar bilen güýçlendirýär

18:3421.02.2019
0
4191

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasynyň bassyr bäş gezek çempiony «Altyn asyr» futbol topary täze möwsümiň bosagasynda Türkiýede okuw türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Türgenleşikleriň öňüsyrasynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň hataryna täze futbolçylaryň birnäçesi goşuldy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň (www.tff.com.tm) habar bermegine görä, gyşky arakesme döwründe toparyň düzümine «Ahaldan» iki, «Aşgabatdan» iki, «Energetik» bilen «Şagadamyň» her haýsyndan bir futbolçy goşuldy. Has takygy, ozal «Ahalda» çykyş eden Myrat Annaýew bilen Begenç Akmämmedow täze möwsümde «Altyn asyryň» üstünlikleri üçin göreşer. Paýtagtyň adybir toparyndan bolsa Şiri Annaýew bilen Saparmyrat Öwezow «aragatnaşykçylaryň» hataryna goşuldy. Geçen möwsümi «Energetikde» kärendede geçiren Selim Ataýew ýene-de «Altyn asyryň» düzüminde futbol oýnar. «Şagadamdan» bolsa Begenç Annagurbanow geçdi.
Geçen ýyl «aragatnaşykçylaryň» düzüminde çykyş eden hüjümçi Wahyt Orazsähedow häzir Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoýynda», goragçy Serdar Annaorazow Ermenistanyň «Arsah» toparynda gözden geçirilýär. Toparyň ozalky esasy goragçylarynyň biri Şöhrat Söýünow bolsa indi «Ahalyň» üstünlikleri üçin göreşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň