Türkmenabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

23:5320.02.2019
0
7369

20-nji fewralda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze jaý toýlary tutuldy. 40 maşgala niýetlenen dört gatly täze jaýlar «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 18-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan paýly esasda bina edildi. Täze binalar soňky ýyllarda Zelili köçesiniň ugrunda gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly beýleki binalaryň üstüni ýetirdi.
Şolardaky öýler şäher gurluşygynyň ýokary talaplaryna kybap gelýär. 2 we 3 hem-de 4 otagly giň otaglary, oňat enjamlaşdyrylan aşhanalary, uly eýwanlary we beýleki amatlyklary bolan öýler maşgalalaryň göwnünden turýar. Otaglar timarlananda, döwrebap serişdeler ulanyldy. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk ýerlerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary göz öňünde tutuldy.
Ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenabatda döwrebap jaýlaryň ikisiniň ulanmaga berilmegini nazara almak bilen, ýylyň başyndan bäri geçen gysga döwürde maşgalalaryň eýýäm 130-dan gowragy jaý toýlaryny tutdular. Mart aýynda bolsa 16 we 24 maşgala üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de ikisini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Geçen ýylyň tomsunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dabaraly ýagdaýda onuň düýbüni tutdy. Bu ýerde 32 öýli 4 gatly jaýlaryň 17-si hem-de kottej görnüşli iki gatly jaýlaryň 170-si we beýleki ugurdaş desgalar bina edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň