Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy

22:1720.02.2019
0
4943

20-nji fewralda, agşam Owgan Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen geldi. 21-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçiriler.
Ýokary derejede geçiriljek bu duşuşyk iki ýurduň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüler. Iki döwletiň halklaryny bolsa köpasyrlyk dostluk däpleri, taryhy kemala gelen ruhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär.
Garaşylyşy ýaly, nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleriniň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň — ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň giň topary giriziler. Iki ýurduň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklary we uzakmöhletleýin mümkinçilikleri nazara almak bilen söwda-ykdysady, energetika hem-de üstaşyr-ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Ozal bellenilişi ýaly, giň gerimli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berler, şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamalary bolar, şeýle-de halkara ulag geçelgeleriniň has-da ösdürilmegine aýratyn üns berler. Serhetabat — Turgundy hem-de Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýollary şolaryň bir bölegine öwrüldi. Milli Liderimiziň başyny başlan bu taslamalarynyň geoykdysady we geosyýasy ähmiýeti dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň geçen ýyl kabul eden Kararnamasynda öz beýanyny tapdy.
Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gadymdan gözbaş alýan dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan iki döwletiň we halklaryň arasynda netijeli syýasy gatnaşyklary has-da ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjek möhüm resminamalaryň bukjasyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň