Soňky habarlar

Arhiw

Birinji Hazar ykdysady forumynyň saýty döredildi

20:0920.02.2019
0
5475

Şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumynyň resmi internet saýty işläp başlady. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu halkara forum ilkinji gezek geçirilýär. Ony geçirmek baradaky başlangyç geçen ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan teklip edilipdi. 
Täze halkara forum Hazarýaka döwletleriň deňiz we ykdysady hyzmatdaşlyklar boýunça işleriniň täze sahypasyna öwrüler. Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek ilkinji maslahatyň taryhy çözgütlere baý bolmagyna garaşylýar. Olar söwda, ykdysadyýet, maýagoýum, iri taslamalar, senagat we syýahatçylyk ýaly pudaklary öz içine alar. Foruma Hazarýaka döwletleriniň ählisinden döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda uly wekilçilikli toparyň gatnaşmagyna garaşylýar.
https://www.cefavaza2019.gov.tm salgysy bilen girilýän saýt täsirli maglumatalara baý. Şol bir wagtda onda forumyň geçiriljek ýeri bolan gözel Awaza baradaky maglumatalara hem orun berlipdir, Türkmenistan, ýurdumyzyň ykdysady galkynyşy, halkara gatnaşyklarymyz baradaky we beýleki maglumatlar saýtyň täsirliligini artdyrypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň