Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2019. «Ahal» ýaryşa ýeňiş bilen başlady

16:4520.02.2019
0
886

Şu gün «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherindäki A.Suýumbaýew adyndaky stadionda AFK-nyň kubogy ― 2019-yň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşykda türkmen futbolçylaryny Gyrgyz Respublikasynyň wise-çempiony «Alaý» topary kabul etdi.
Umuman alanyňda, deňeçer ýagdaýda geçen duşuşykda Röwşen Meredowyň şägirtleri 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. «Ahalyň» pökgüleriniň ikisini hem Abdy Bäşimow (20, 39-njy minutlarda) geçirdi. Ýer eýeleriniň pökgüsini bolsa Eldiýar Sardarbekow geçirdi.
Jogap duşuşygy 27-nji fewralda Türkmenistanda geçiriler. Iki oýundan ybarat boljak «Ahal» ― «Alaý» duşuşyklarynyň ýeňijisi saýlama tapgyryň indiki ädiminde Täjigistanyň wise-çempiony «Hujandyň» garşydaşy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň