Saýlawlara milli synçylary hasaba almak işi başlandy

21:5219.02.2019
0
2710

19-njy fewralda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlar boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäresine indiden beýläk okruglaryň ählisinde saýlawlara taýýarlyga monitoring geçirjek milli synçylar hasaba alyndy. Olara degişli şahadatnamalar berildi.
Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramlaryndan, şeýle hem raýatlaryň toparyndan synçylaryň jemi 284-si, şol sanda Ahal welaýaty boýunça -68-si, Balkan welaýaty boýunça -17-si, Daşoguz welaýaty boýunça -61-si, Lebap welaýaty boýunça -57-si, Mary welaýaty boýunça 64-si we Aşgabat şäheri boýnuça 17-si hasaba alyndy. Olar üçin okuw seminarlary gurnaldy, olaryň dowamynda synçylar saýlawlar baradaky milli kanunçylykdaky özgertmeler, öz hukuklary we borçlary, saýlawlary geçirmegiň tertibi, şeýle hem saýlawdan deslapky çärelere gözegçiligiň halkara tejribesi bilen tanyşdylar.
Synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw gutylary möhürlenmegine gatnaşarlar, ses bermek başlanmazdan öň saýlaw uçastoklaryna bararlar, onuň barşyna, sesler sanalanda, şeýle hem okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri kesgitlenende we umumy netijeler jemlende olara gatnaşarlar. Mundan başga-da, olar çäräniň guralşynyň derejesine we ýurtda hereket edýän kanunçylygyň berjäý edilişine baha bererler, raýatlaryň erk-islegleriniň azatlygyny we saýlawlaryň demokratiýa ýörelgelerine laýyk geçirilmegini üpjün ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň