Türkmenistanly emin Çarymyrat Gurbanow AÇL-nyň saýlama tapgyrynyň duşuşygyna gatnaşar

10:3719.02.2019
0
5172

Şu gün yklymyň birinji derejeli futbol ýaryşy bolan AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler. Olarda BAE-niň «Al-Nasr» kluby Özbegistanyň «Pahtakoryny», Saud Arabystanynyň «Al-Nassry» Özbegistanyň AGMK toparyny, Kataryň «Al-Raýýany» Eýranyň «Saipa» toparyny, Kataryň «Al-Garafasy» Eýranyň «Zob Ahan» toparyny, Koreýa Respublikasynyň «Ulsan Hyundai» topary Malaýziýanyň «Perakyny», Hytaýyň «Şandong Lunengi» Wýetnamyň «Hanoýyny», Ýaponiýanyň «Sanfres Hirosimasy» Tailandyň «Çiangraý Ýunaýtedini» hem-de Ýaponiýanyň «Kaşima Antlers» topary Awstraliýanyň «Nýukastl Žets» toparyny kabul eder.

Türkmenistanly halkara derejeli emin Çarymyrat Gurbanow Hytaýyň Jinan şäherindäki Olimpiýa sport toplumynda geçiriljek «Şandong Luneng» ― «Hanoý» duşuşygynda ätiýaçdaky eminiň wezipesinde işlär. Bu duşuşygyň baş emini özbegistanly hünärmen Walentin Kowalenko bolar.

«Hanoý» pleý-oflara saýlama tapgyryň birinji ädiminden geldi. Tailandda ýer eýesi «Bangkok Ýunaýtedi» 1:0 hasabynda ýeňen Wýetnamyň çempiony bu gezek Hytaýyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi bilen duşuşar. Bu jübütleriň ýeňijisine AFK-nyň Çempionlar ligasynyň «E» toparçasynda Koreýa Respublikasynyň «Gýengam» toparynyň, Malaýziýanyň «Johor Darul Tazim» toparynyň we «Kaşima Antlers» ― «Nýukastl Žets» duşuşygynyň ýeňijisi bilen ýaryşmak hukugy garaşýar.

2003-nji ýylda eminlik etmäge başlan Çarymyrat Gurbanow ilkinji halkara duşuşygyna 2008-nji ýylyň 28-nji maýynda AFK-nyň Çagyryş kubogynyň saýlama tapgyrynda Kamboja bilen Makaonyň arasyndaky duşuşykda çykdy. Şol duşuşyk Kambojanyň ýygyndysynyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Onuň karýerasynda AFK-nyň prezidentiniň kubogynda, AFK-nyň kubogynda we AFK-nyň Çempionlar ligasynda birnäçe duşuşyklar bar. Şeýle hem ol dürli ýyllarda geçirilen Malaýziýa ― Mýanma (2014 ý. 0:0), Tailand ― Mýanma (2014 ý. 2:0), Gyrgyz Respublikasy ― Gazagystan (2016 ý. 2:0), Özbegistan ― Siriýa (2018 ý. 1:1), Özbegistan ― Katar (2018 ý. 2:0) ýoldaşlyk duşuşyklarynda baş emin bolup işledi.

Şu günki «Şandong Luneng» ― «Hanoý» duşuşygy Aşgabat wagty bilen sagat 15:30-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň