Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2019. «Alaý» «Ahal» bilen boljak duşuşyk üçin 20 futbolçyny taýýarlaýar

16:2518.02.2019
0
4534

― Gyrgyzystanyň wise-çempiony, Oş şäheriniň «Alaý» futbol topary AFK-nyň kubogy ― 2019 halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň «Ahal» futbol topary bilen boljak duşuşyk üçin 20 futbolçyny taýýarlaýar ― diýip, ýurduň «sport.akipress» saýtynda ýazylýar.
Sanawda görkezilýän futbolçylaryň dördüsi daşary ýurtly oýunçylardyr. Olar täjigistanly Abduaziz Makhamow, özbegistanly Timur Talipow, ganaly Joel Kojo we owganystanly Amiruddin Şairifidir.
«Alaý» bilen «Ahalyň» arasyndaky ilkinji duşuşyk 20-nji fewralda Oş şäherinde, jogap duşuşygy 27-nji fewralda Türkmenistanda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň